Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Gujarat ştatynda köpriniň ýykylmagy zerarly gynanç bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Gujarat ştatynda köpriniň ýykylmagy zerarly gynanç bildirdi
Gujaratyň Morbi şäherindäki Maçu derýasynyň üstünden geçýän asma köpriniň ýekşenbe güni agşam ýykylmagy sebäpli azyndan 134 adam wepat boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň Prezidenti Draupadi Murmuwa we Premýer-ministr Narendra Modä ýurduň Gujarat ştatynda köpriniň ýykylmagynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Hindistanyň Prezidenti Draupadi Murmuwa we Premýer-ministr Narendra Modä gynanç hatyny iberdi.

Gujaratyň Morbi şäherindäki Maçu derýasynyň üstünden geçýän asma köpriniň ýekşenbe güni agşam ýykylmagy sebäpli azyndan 134 adam wepat boldy. Gurlanyna bir asyrdan gowrak wagt geçen bu köpri düýpli abatlanylanyp, täzeden açylanyna 5 gün bolupdy. Hindistanyň hökümeti köpriniň ýykylanlygy sebäpli jenaýat işiniň gozgalandygyny mälim etdi.

2022