Telekeçi Serdar Annakowyň “Akar” haryt nyşanly kärhanasy ýakynda jorap önümleriniň 350 müň jübütini Russiýa eksport etdi. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzasy bolan “Akar” kärhanasynda her aý dürli görnüşli joraplaryň jemi 500 müň jübüti öndürilýär.
Kärhananyň önümçilik bölüminde Italiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrylandyr. Bu bolsa kärhanada ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, dünýä ülňülerine laýyk gelýän joraplaryň dürli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär.
2018-nji ýylda işe girizilen “Akar” kärhanasynda 100-e golaý hünärmen zähmet çekýär.