Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady
Braziliýada geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Luis Inasiu Lula da Silwa 50,9% ses gazandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Luis Inasiu Lula da Silwa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Luis Inasiu Lula da Silwa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Braziliýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Braziliýada geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Luis Inasiu Lula da Silwa 50,9% ses gazandy. Saýlawlaryň iki tapgyryna hem saýlawçylaryň 79%-den gowragy gatnaşdy.

Luis Inasiu Lula da Silwa 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Braziliýanyň 39-njy Prezidenti wezipesine geçer. Mundan ozal, ol 2003-nji ýyldan 2010-njy ýyla çenli Brazilýanyň 35-nji Prezidenti bolupdy.

2022