Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşenbe güni Türkmenistan bilen ABŞ-nyň hökümetleriniň arasynda geçirilen duşuşykda saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlaryndaky hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekildi.
Bu resminama Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça kömekçisi Donald Lunyň ýolbaşçylyk etmeginde ABŞ wekiliýetiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň ahyrynda gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky özara gatnaşyklara degişli birnäçe meselelere garadylar we halkara hem-de sebit meselelerini, şol sanda owgan meselesini maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar ilatyň saglygy we lukmançylyk ylymlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini beýan etdiler.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şol bir wagtyň özünde, türkmen-amerikan işewür geňeşiniň işini güýçlendirmegiň möhümdigini bellediler.
Duşuşygyň barşynda howanyň üýtgemegi we metanyň zyňyndylaryny azaltmak ýaly daşky gurşaw meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça kömekçisi Donald Luny kabul etdi.