Özbegistan 2022-nji ýylda Türkmenistanyň we Gazagystanyň portlaryndan ýük gatnawyny iki esse artdyrdy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministriniň orunbasary Jasurbek Çoriýewiň Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň öňüsyrasynda geçirilen metbugat ýygnagynda aýdanlaryna salgylanyp, “Mir 24” teleradiokompaniýasy çarşenbe güni habar berdi.
“Statistiki maglumatlara görä, geçen ýylyň dokuz aýy bilen deňeşdirilende, şu ýyl Özbegistanyň Türkmenistan we Gazagystan portlaryndan ýük daşamak mukdary iki esse, ýagny 337 müň tonnadan 701 müň tonna çenli artdy” diýip, Jasurbek Çoriýew metbugat ýygnagynda aýtdy.
TDG-nyň sammiti 11-nji noýabrda Samarkantda geçiriler. Özbegistanyň Ulag ministriniň orunbasarynyň aýtmagyna görä, guramanyň agza döwletleriniň arasynda halkara multimodal ulag ylalaşygy we ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk maksatnamasy boýunça ylalaşygy baglaşmak meýilleşdirilýär. Jasurbek Çoriýew bu iki resminamanyň özbek tarapynyň başlangyjy bilen öňe sürülendigini aýtdy.
Türki döwletleriň guramasy (TDG) ozalky Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi (Türki geňeş) ady bilen 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda döredildi. Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan TDG-nyň agzasy bolup, Türkmenistan we Wengriýa bu gurama synçy döwlet hökmünde goşuldy.
TDG-nyň 11-nji noýabrda geçiriljek sammitinde Türkmenistanyň bu guramanyň doly agzasy bolmagyna garaşylýar.