Özbegistanyň ýolbaşçylygynda Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 9-njy duşuşygy Samarkant şäherinde penşenbe güni geçirildi.
Duşuşyga Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Wengriýanyň daşary işler ministrleri, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Daşary işler ministriniň orunbasarlary, şeýle hem TDG-nyň Baş sekretary gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
“Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda halkara hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürýär. Biziň ýurdumyz özara ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine, şeýle-de deň hukuklyga esaslanyp dünýäniň ähli ýurtlary bilen, şol sanda TDG-nyň agza ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk edýär” diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew öz çykyşynda aýtdy.
Taraplar söwda-ykdysady ugurda özara gatnaşyklaryň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, gepleşikleriň dowamynda türki ýurtlaryň arasynda ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk we senagat pudaklarynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar sebitleýin we halkara gün tertibindäki möhüm meselelerine garadylar we guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem taraplar anna güni Samarkantda TDG-nyň sammitinde gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalaryna garadylar.
Türkmenistanyň Samarkantda geçiriljek TDG-nyň sammitinde bu guramanyň doly agzasy bolmagyna garaşylýar.