Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletleriň sammitine gatnaşmak üçin Samarkanda bardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletleriň sammitine gatnaşmak üçin Samarkanda bardy
Howa menzilinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow garşy aldy. (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) sammitine gatnaşmak üçin anna güni Özbegistanyň Samarkant şäherine bardy.

Howa menzilinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow garşy aldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-nyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşar.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda geçiriljek TDG-nyň sammitine Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň Türkiýäniň Prezidentleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem bu duşuşyga Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban we TDG-nyň Baş sekretary Bagdad Amreýew garnaşarlar.

Türkmenistanyň Samarkantda geçiriljek TDG-nyň sammitinde bu guramanyň doly agzasy bolmagyna garaşylýar.

2022