Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy

BIZNES TURKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy
Taraplar energetika, ulag geçelgelerini döretmek we ösdürmek, aragatnaşyk ulgamlarynda, beýleki birnäçe geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Samarkant şäherinde anna güni geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäginde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Azerbaýjanyň Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny ýetirdi we Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanmagy mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedowy gutlady.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň ähli ugurlarda doganlyk we dostlukly gatnaşyklaryň mysaly bolup durýandygyny belläp, şu günki duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine gowy itergi berjekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny ilerletmekde we durmuşa geçirmekde goldawy üçin Azerbaýjanyň Prezidentine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem taraplar energetika, ulag geçelgelerini döretmek we ösdürmek, aragatnaşyk ulgamlarynda, beýleki birnäçe geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäginde Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri bilen duşuşyk geçirdi.

2022