Türkmen telekeçisi kagyz tegekleriniň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi kagyz tegekleriniň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmakçy
Kagyz tegekleri dokma senagatynda ýüplük we mata saramakda giňden peýdalanylýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzasy bolan telekeçi Garly Sazakow öz kärhanasynda öndürilýän kagyz tegekleriniň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmagy maksat edinýär. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.

Kärhana Türkiýäniň öňdebaryjy enjamlary bilen ornaşdyrylyp, onuň önümçilik kuwwatlylygy ýylda 300-400 tonna önüm öndürmäge barabar. Bu ýerde öndürilýän önümleriň diametrleri 40 millimetrden 250 millimetre, uzynlygy bolsa 5 metre çenlidir.

Kagyz tegekleri dokma senagatynda ýüplük, mata saramakda, haly önümçiliginde giňden peýdalanylýar. Kärhanada alyjylaryň islegine görä, sargytlar esasynda hem önüm öndürilýär. Kärhanada öndürilýän kagyz tegekler içerki bazarda ýerlenilýär.

Garly Sazakowyň kagyz tegeklerini öndürýän kärhanasy Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşip, ol 2010-njy ýylda önümçilige başlady.

2022