Mustafa Şentop Türkmenistanyň ýokary derejeli ordeni bilen sylaglanyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Mustafa Şentop Türkmenistanyň ýokary derejeli ordeni bilen sylaglanyldy
Bu ordeni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysyna Aşgabat şäheriniň “Oguzkent” myhmanhanasynda gowşurdy. (Surat: AA)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni bilen sylaglanyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Bu ordeni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysyna Aşgabat şäheriniň “Oguzkent” myhmanhanasynda giňişleýin düzümde geçirilen duşuşygyň dowamynda gowşurdy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy türk kärdeşini bu şanly waka bilen gutlap, oňa alyp barýan işlerinde geljekde-de üstünlikleri arzuw etdi.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bu belent sylag üçin kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, bu ýokary döwlet sylagyna türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine berlen uly baha diýip düşünýändigini aýtdy.

Ikiçäk düzümde geçirilen duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow kanunçylyk işini utgaşdyrmakda parlamentara gatnaşyklaryň wajypdygy barada aýdyp, ekologiýa we ýaşlar meselesine, azyk howpsuzlygyna, gender deňligine, beýleki wezipelere aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.

Mustafa Şentop öz gezeginde Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda alyp barýan syýasatyna Türkiýede ýokary baha berilýändigini aýtdy.

Şeýle hem Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek we pugtalandyrmak, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.

Soňra duşuşyk Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň wekilleriniň hem-de Türkiýäniň parlament wekiliýetiniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň söwda-ykdysady, energetika, maýa goýumlar, täze tehnologiýalar, oba hojalygy, dokma senagaty, gazhimiýa pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

2022