ÝB Merkezi Aziýadaky taslamalara 300 million ýewro gönükdirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝB Merkezi Aziýadaky taslamalara 300 million ýewro gönükdirer
Žosep Borrelliň aýtmagyna görä, Ýewropa dünýäde göni maýa goýumlaryň esasy çeşmesi bolup, Merkezi Aziýada hem iň uly maýadardyr.

Geljek dört ýylyň içinde Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýadaky ikitaraplaýyn we sebitleýin taslamalar üçin grant hökmünde 300 million ýewro bölüp berer diýip, ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Žosep Borrel anna güni Samarkantda geçirilen ÝB bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky arabaglanyşyk boýunça halkara maslahatyň açylyş dabarasynda aýtdy.

Žosep Borreliň aýtmagyna görä, Ýewropa dünýäde göni maýa goýumlaryň esasy çeşmesi bolup, Merkezi Aziýada hem iň uly maýadardyr.

“Geçen on ýylyň dowamynda ÝB-nyň agza ýurtlary Merkezi Aziýa ýurtlaryna 105 milliard ýewrodan gowrak ýa-da 121,3 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýdy. Bu bolsa sebite gönükdirilen göni maýa goýumlaryň 40%-den gowragydyr” diýip, Borrel öz çykyşynda aýtdy.

Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary, ÝB-e agza ýurtlaryň, halkara maliýe guramalarynyň we hususy pudagyň ýokary derejeli resmileri, şeýle hem bilermenler, raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdy.

Şeýle-de Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa düzümdäki Daşary işler ministrleriniň 18-nji duşuşygy Özbegistanyň Samarkant şäherinde penşenbe güni geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ykdysady, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygy, daşky gurşawy goramak, suwdan peýdalanmak we howanyň üýtgemegi, şeýle hem bilim, ylym we innowasiýa ýaly sebitara we global meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşyklarda Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi.

Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa düzümdäki Daşary işler ministrleriniň indiki duşuşygy 2023-nji ýylda Brýuselde geçiriler.

2022