Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Abu-Dabi şäherindäki Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Prezidentiniň köşgünde BAE-niň Döwlet Baştutany Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygynyň dowanynda kärdeşini resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Duşuşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň BAE-ne iki günlük resmi saparynyň çäginde geçirildi.
BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan Döwlet Baştutanymyzyň çakylygyny hoşallyk bilen kabul etdi. Habarda bellenilişi ýaly, saparyň möhleti diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Ikiçäk geçirilen duşuşygyň dowamynda türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň kuwwatyny has netijeli peýdalanmak, onuň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen we ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler içgin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Şeýle hem Döwlet Baştutanymyz BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri we Dubaý emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum we BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyklary geçirdi.