Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň Premýer-ministri bilen gepleşik geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň Premýer-ministri bilen gepleşik geçirdi
Söhbetdeşler däp bolan hyzmatdaşlygy onuň ägirt uly kuwwatyna laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändiklerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Birleşen Arap Emirliklerine (BAE) resmi saparynyň çäklerinde BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaý emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň geljegi boýunça pikir alyşdylar. Döwlet Baştutanymyz özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk üçin örän uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekdi.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumy özi üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Aşgabada gelmäge çagyrdy. Habarda bellenilişi ýaly, çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.

Şeýle hem BAE-niň Premýer-ministri söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, işewür gatnaşyklara itergi berilmegi babatda pikirlerini beýan etdi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýagdaýy we ýollary ara alnyp maslahatlaşylandan soň, söhbetdeşler däp bolan hyzmatdaşlygy onuň ägirt uly kuwwatyna laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändiklerini aýtdylar. Şeýle-de taraplar BAE-niň Dubaý şäherinde türkmen halylarynyň söwdasyna ýöriteleşdirilen dükanyň açylmagyna üns çekdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow telekeçileriň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda ädilen ýene-de bir möhüm ädimdigini nygtady.

“Iki ýurduň ýangyç-energetika kuwwaty, olaryň dünýäniň söwda we ulag-aragatnaşyk çatryklarynda amatly ýerleşmegi özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar” diýip, söhbetdeşligiň barşynda Döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Dubaý emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum Türkmenistanyň Prezidentine özüniň ömür ýoly we alyp barýan işleri baradaky kitaby sowgat berdi.

Şeýle hem Döwlet Baştutanymyz duşenbe güni BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan we BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyklary geçirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022