Awazada syýahatçylygyň ösdürilmegine bagyşlanan maslahat geçirmek meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Awazada syýahatçylygyň ösdürilmegine bagyşlanan maslahat geçirmek meýilleşdirilýär
Maslahatyň esasy maksady daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin esasy ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek bolup durýar.

Türkmenistan Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň wekillerini we hünärmenlerini “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna çagyrmagy we onuň çäklerinde halkara syýahatçylygyň ösdürilmegine bagyşlanan maslahaty guramagy meýilleşdirýär.

Bu teklibi Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda eden çykyşynda öňe sürdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, maslahatyň esasy maksady daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin esasy ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek bolup durýar.

Şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri häzirki wagtda ekologik, tebigy we lukmançylyk syýahatçylygynda, medeni syýahat ugurlarynda mümkinçilikleri artdyrmagyň we olary ulgamlaýyn esasda giňeltmegiň möhümdigini belledi.

Balkan welaýatynyň çäklerinde geçirilen iş maslahatynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek, sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022