Transhazar halkara ulag geçelgesinden daşalýan ýükleriň alty esse ýokarlanmagyna garaşylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Transhazar halkara ulag geçelgesinden daşalýan ýükleriň alty esse ýokarlanmagyna garaşylýar
Gündogar-Günbatar Transhazar halkara ulag geçelgesi gadymy ýüpek ýoluny dikeltmek tagallalarynyň iň wajyp bölekleriniň biridir.

Şu ýyl Gündogar-Günbatar Transhazar halkara ulag geçelgesi boýunça geçýän ýükleriň mukdarynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende alty esse ýokarlanmagyna garaşylýar. Bu barada Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň anna güni Gazagystanyň Aktau şäherinde Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň Daşary işler we ulag ministrleriniň arasyndaky geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň açylyş dabarasynda aýdanlaryna salgylanyp, “Anadolu” agentligi habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýeden Kawkaz sebitine uzap gidip, Hazar deňzinden we Merkezi Aziýadan geçip, Hytaýa baryp ýetýän Gündogar-Günbatar Transhazar halkara ulag geçelgesi gadymy ýüpek ýoluny dikeltmek tagallalarynyň iň wajyp bölekleriniň biridir.

Mewlüt Çawuşogly Awstriýanyň, Daniýanyň we Finlýandiýanyň ulag kompaniýalarynyň bu halkara ulag geçelgesinden has köp peýdalanyp başlandyklaryny aýdyp, geçelgäniň ugrundaky ýurtlaryň ulag we söwda çäklendirmelerini aýyrmak bilen has peýda gazanjakdyklaryny belledi.

Energiýa çeşmeleriň daşalma ugurlarynyň diwersifikasiýasyna üns çeken Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň Hazar sebitiniň tebigy gazyny Ýewropa ugratmak Azerbaýjan bilen hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýtdy. Baş türk diplomaty şeýle hem azerbaýjan, gazak we türkmen nebitiniň Baku-Tbilisi-Jeýhan geçirijisi arkaly Hazar sebitinden dünýä bazarlaryna 16 ýyldan bäri eksport edilýändigini belledi.

Şu ýylyň oktýabr aýynda geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) ulag ministrleriniň 6-njy ýygnagyna gatnaşyjylar Gündogar-Günbatar Transhazar halkara ulag ýoly boýunça ulag we üstaşyr amallary ýeňilleşdirmek üçin zerur çäreleri görmek baradaky tagallalaryny dowam etdirmek isleýändiklerini aýtdylar.

2022