Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 21 million 250 müň 230 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Türkiýeden, Owganystandan, Gyrgyzystandan we BAE-den gelen işewürler daşary ýurt puluna dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy we awiakerosini satyn aldylar. Habarda bellenilişi ýaly, TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önümler “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürildi.
Şeýle-de, manat serişdesine Türkiýäniň işewürleri Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli nah ýüplügini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 5 million 506 müň 500 manada deň boldy.
Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler jemi bahasy 8 million 480 müň manatdan gowrak bolan granuirlenen tehniki kükürdi we nebit bitumyny satyn aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.