Gurbanguly Berdimuhamedow Günorta Koreýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Günorta Koreýanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok-ýol bilen duşuşygy, 2022-nji ýyl 29-njy noýabr, Seul (Surat: Yonhap)

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Günorta Koreýa resmi saparynyň çäklerinde dostlukly ýurduň Prezidenti Ýun Sok-ýol bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilip, soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykarylan iki ýurduň syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni gatnaşyklarynyň ýokary derejededigini bellediler.

Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Günorta Koreýa resmi saparynyň çäklerinde Günorta Koreýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo we “Türkmenistan — Koreýa” parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal-Gon bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşyklaryň netijeleri boýunça iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejä çykýandygyny görkezýän degişli resminamalara gol çekildi.

2022