Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we ýurduň ähli halkyna Hytaýyň ozalky Başlygy, görnükli syýasy hem-de döwlet işgäri Szýan Szeminiň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
“Ol durmuş-ykdysady ösüşde uly üstünlikler gazanan we halkara giňişlikde ýurduň at-abraýyny belende galdyran, maksada okgunly ýolbaşçy hökmünde hytaý halkynyň taryhyna girdi” diýlip, Döwlet Baştutanymyzyň kärdeşi Si Szinpine iberen gynanç hatynda aýdylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi.
Hytaý Halk Respublikasynyň ozalky Başlygy, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň ozalky Baş sekretary Szýan Szemin çarşenbe güni Şanhaý şäherinde 96 ýaşynda aradan çykdy.