Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi boýunça ýük daşamalara ýeňillikli nyrhnamalar giriziler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi boýunça ýük daşamalara ýeňillikli nyrhnamalar giriziler
Sergeý Pawlow häzirki wagtda Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça yzygiderli konteýner otly gatnawynyň amala aşyrylýandygyny aýtdy.

Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasyndan amala aşyrylýan demir ýol ýük daşamalary üçin 2023-nji ýyldan başlap ýeňillikli nyrhnamalar giriziler. Bu barada Russiýanyň demirýollary (RŽD) AGPJ-niň Baş direktorynyň orunbasary Sergeý Pawlowyň TRANSTEC halkara ulag forumynyň umumy mejlisinde aýdanlaryna salgylanyp, TASS agentligi sişenbe güni habar berdi.

RŽD-niň Baş direktorynyň orunbasary häzirki wagtda ähli gullugyň üznüksizligini üpjün etmek üçin Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň wekilleri bilen yzygiderli iş alnyp barylýandygyny aýtdy. Şeýle hem Sergeý Pawlow Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň wekilleri bilen geljek ýyldan başlap bu ugur boýunça demir ýol ýük daşaýjylaryň nyrhnamalary ulanmaklary üçin ýeňillikli nyrhnamalar boýunça ylalaşyklary gazanandyklaryny mälim etdi.

Sergeý Pawlow häzirki wagtda Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça yzygiderli konteýner otly gatnawynyň amala aşyrylýandygyny aýtdy.

Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demir ýollaryndan, soňra bolsa deňziň ugry boýunça Pars aýlagynyň we Günorta Aziýanyň ýurtlaryna uzap gidýär.

Deslapky çaklamalara görä, 2025-nji ýyla çenli Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Russiýadan eksporta iberilýän önümleriň umumy mukdary ýylda 5 million tonnadan gowrak bolup biler.

2022