RŽD Gazagystandan we Türkmenistandan geçýän konteýner daşamalaryna 20% arzanladyş girizer

BIZNES TÜRKMENISTAN
RŽD Gazagystandan we Türkmenistandan geçýän konteýner daşamalaryna 20% arzanladyş girizer
Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça yzygiderli konteýner otlylarynyň sanynyň aýda 17-ä çenli köpeldilmegine garaşylýar.

Russiýanyň demirýollary (RŽD) AGPJ 2023-nji ýyl üçin Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäklerinden geçýän konteýner daşamalaryna 20 göterim arzanladyş girizer.

Kompaniýanyň anna güni ýaýradan metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, RŽD kompaniýasynyň dolandyryş geňeşi Russiýany Hazar sebiti, Pars aýlagy, Merkezi, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa bilen birleşdirýän Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça konteýner ýükleriniň daşalmagyna ýardam bermek kararyna geldi.

Beýanatda bellenilişi ýaly, 20 göterim arzanladyş Russiýa-Gazagystan serhet geçelgelerinden we Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky Bolaşak-Serhetýaka geçelgesinden geçýän eksport-import ýük daşamalaryna giriziler.

Russiýanyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarowyň TASS agentligi bilen geçiren söhbetdeşliginiň dowamynda Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça yzygiderli konteýner otlylarynyň sanynyň aýda 17-ä çenli köpeldilmegine garaşylýandygyny mälim etdi.

Aleksandr Ýelizarow bu geljegi uly uguryň ýük daşamalary üçin has elýeterli we az wagt sarp ediji boljakdygyny belledi hem-de häzirki wagtda Russiýanyň ýük daşaýjy kompaniýalarynyň Türkmenistanyň çäklerinden geçýän ýük daşama hyzmatlaryna isleg bildirýändiklerini aýtdy.

Russiýanyň demirýollary (RŽD) AGPJ-niň Baş direktorynyň orunbasary Sergeý Pawlow sişenbe güni geçirilen TRANSTEC halkara ulag forumynyň umumy mejlisinde Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasyndan amala aşyrylýan demir ýol ýük daşamalary üçin 2023-nji ýyldan başlap ýeňillikli nyrhnamalar giriziljekdigini habar berdi.

2022