Türkmenistanyň Prezidenti Katara sapar etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Katara sapar etdi
Döwlet Baştutanymyz bilen Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň arasynda Halifa stadionynyň ýokary derejeli myhmanlara niýetlenen zalynda ikiçäk duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça sapar bilen Katara bardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Kataryň Doha şäheriniň Halkara howa menzilinde Döwlet Baştutanymyzy Kataryň Döwlet ministri Şeýh Fahd bin Faýsal Al Tani hem-de türkmen Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Katara saparynyň çäginde Dohada geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy.

Döwlet Baştutanymyz bilen Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň arasynda Halifa stadionynyň ýokary derejeli myhmanlara niýetlenen zalynda ikiçäk duşuşyk geçirildi.

Ikiçäk duşuşygyň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýdyp, bu hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiligini hem-de ony iki ýurduň bähbidine amala aşyrmaga özara taýýardyklaryny nygtadylar.

Duşuşykdan soň Türkmenistanyň Prezidenti dünýä çempionatynyň 1/8 final oýnunda çykyş edýän Niderlandlaryň we ABŞ-nyň ýygyndy toparlarynyň duşuşygyna tomaşa etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katara saparynyň çäginde Futbol Assosiasiýalarynyň Halkara Federasiýasynyň (FIFA) Prezidenti Janni Infantino bilen duşuşdy.

2022