Ýewropada awtoulag ýük daşamalary bazarynyň pes depginde ösmegine garaşylýar

Nurmyrat Mommaýew
Ýewropada awtoulag ýük daşamalary bazarynyň pes depginde ösmegine garaşylýar
2023-2026-njy ýyllar aralygynda Ýewropada awtoulag sürüjüleriniň ýetmezçiliginiň 40 göterime çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.

Makroykdysady çaklamalar 2023-nji ýylda Ýewropa ykdysadyýetiniň haýal depginde ösjekdigini we munuň gara ýol arkaly amala aşyrýan ýük daşamalaryna hem öz täsirini ýetirjekdigini görkezýär. Aslyýetinde, bölek satuw pudagynda ýokarlanýan islegler we önümçiligiň kadalaşmagy yük daşamalary bazarynyň dikelmegini çaltlaşdyrdy. Emma Ýewropadaky awtoulag yük daşamalary bazary harajatlaryň ýokarlanmagy, üpjünçilik kuwwatynyň azalmagy, kadalaşdyryjy üýtgeşmeler, sürüji ýetmezçiligi ýaly umumy ösüşe täsir edip biljek faktorlar bilen baglanşykly sarsgynlary başdan geçirýär.

“TransportIntelligence” logistika kompaniýasy tarapyndan geçirilen gözleg-barlag işiniň netijelerine görä, 2023-nji ýylda Ýewropada awtoulag ýük daşamalary bazary 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 1,1 göterim ýokarlanyp, 389 milliard 338 million ýewro barabar bolar. Gözleg-barlag işi Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň awtoulag ýük daşamalary bazarynyň Günbatar Ýewropa bilen deňeşdirilende has ýokary depginde ösjekdigini görkezýär. Has pes ösüş depginini başdan geçirjek ýurtlara Germaniýa, Italiýa we Beýik Britaniýa degişlidir. Germaniýada awtoulag yük daşamalary bazarynyň halkara ýük daşamalary bazaryna görä (2,4 göterim) has pes depginde, ýagny 0,6 göterim ösmegine garaşylýar.

2023-nji ýylda inflýasiýanyň sarp edijilere ýetirjek täsiri, şeýle-hem ýük daşamalara bolan islege ýaramaz täsir etjek göterim derejeleriniň ýokarlanmagy sebäpli Italiýada awtoulag ýük daşamalary bazarynyň bary-ýogy 0,3 göterim ösjekdigi çaklanylýar. Şeýle hem, Beýik Britanýada hem bu ugurda pes ösüş derejesiniň bolmagyna garaşylýar. “TransportIntelligence”-iň gözleg-barlag işi esasanam senagat önümçiliginiň ösüşi sebäpli awtoulag ýük daşamalary bazarynyň Fransiýada 1 göterim, Ispaniýada bolsa 1,3 göterim ösüş gazanyp biljekdigini görkezýär.

“TransportIntelligence” ykdysady we geosyýasy tendensiýalarda güýçli näbellilik sebäpli 2023-nji ýyldan soňky çaklamalar üçin örän seresaply çemeleşýär. Kompaniýanyň gözleg-barlag işinde inflýasiýa, çig mal hem-de sürüji ýetmezçilikleri, sarp edijileriň endikleri we çykdajylaryň ýokarlanmagy öňünden çaklap bolmajak faktorlaryň hatarynda görkezilýär.

Inflýasiýanyň Ýewropanyň awtoulag ýük daşamalary bazarynda üpjünçilige, esasanam dizel bahalaryna ýetiren täsiri, ýük daşamalaryň çykdajylarynyň ep-esli ýokarlanmagyna sebäp boldy. Çykdajylaryň ýokarlanmagynyň kiçi ulag-logistika kompaniýalaryna ýaramaz täsir etjekdigi, şol bir wagtyň özünde iri kompaniýalaryň ýangyjyň bahalaryny dolandyrmak ukyplary sebäpli bazardaky orunlaryny saklap galjakdyklary, hat-da has pugtalandyrjakdyklary çaklanylýar.

Ýangyç çykdajylary häzirki wagtda Ýewropanyň awtoulag ýük daşamalary bazarynda kynçylyklara we bahalaryň ýokarlanmagyna sebäp bolýan faktorlaryň diňe biridir. Ýewropada ýük awtoulag sürüjileriniň ýetmezçiligi sebitde köpden bäri dowam edip gelýän kynçylyklaryň biri bolup, bu ýagdaý bazardaky nyrhlaryň ýokarlanmagyna göniden-göni täsir edýär. IRU-nyň hasabatyna görä, awtoulag sürüjileri üçin 2021-nji ýylyň ahyrynda Ýewropada 380,000 -425,000-den iş orunlary boş boldy.

IRU-nyň çaklamalaryna görä, 2023-2026-njy ýyllar aralygynda Ýewropada awtoulag sürüjüleriniň ýetmezçiliginiň 40 göterime çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Bu ugurda meseleleriň çözülmegi üçin aýlyk haklarynyň hem-de ýük awtoulaglary sürüjileriniň hünär derejelerinin ýokarlandyrylmagy boýunça görülýän çärelere garamazdan, kompaniýalar bu pudaga hünärmen çekmekde henizem kynçylyk çekýärler.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

2022