Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy
Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ägirt uly serişdeler, ykdysady, ulag-logistika kuwwatyna eýedigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda halkara syýasatyň we sebitara gatnaşyklaryň meseleleri, hususan-da, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň ýakyndygy we meňzeşdigi kanagatlanma bilen bellenildi.

“Azerbaýjanly hyzmatdaşlar bilen gepleşikler hemişe netijeli we dostlukly häsiýeti, aýratyn mähirliligi bilen tapawutlanýar. Şol gepleşiklere çuň many-mazmun, özara düşünişmek, doly ynanyşmak ýagdaýy, şeýle-de belent ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk mahsusdyr” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ägirt uly serişdeler, ykdysady, ulag-logistika kuwwatyna eýedigini nygtady. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti we Azerbaýjanyň parlamentiniň ýolbaşçysy döwletara gatnaşyklaryň gazanylan derejesine ýokary baha berip, bar bolan kuwwaty, milli bähbitleri, ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak arkaly guralýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistana sapar bilen gelen Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşdy.

Iki ýurduň parlament wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň ulag-logistika, energetika, agrosenagat, dokma senagaty ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy kanun çykaryjy düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biridigini, iki ýurdyň parlamentleriniň arasynda dostluk toparlarynyň hereket edýändigini belläp, bu ugurdaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegi teklip etdi.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin ” Türkmenistanyň ordenini gowşurdy.

2022