Kataryň paýtagty Dohada Türkmenistanyň ilçihanasy açylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Kataryň paýtagty Dohada Türkmenistanyň ilçihanasy açylar
Doha, Katar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Türkmenistanyň Katar Döwletinde (Doha şäheri) ilçihanasyny açmak hakyndaky” Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň daşary syýasatyna degişli wajyp meselelere garaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dekabr aýynyň başynda Katara eden saparynyň dowamynda Türkmenistanyň ilçihanasyny Doha şäherinde açmak boýunça Kataryň Döwlet Baştutany bilen ara alyp maslahatlaşdy.

Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylda ýola goýuldy.

2022