Dekabr II hepde: eksport geleşikleri $22,3 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dekabr II hepde: eksport geleşikleri $22,3 milliondan geçdi
Türkiýeden we Gazagystandan gelen işewürler Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen nah ýüplügini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 22 million 372 müň 430 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Irlandiýanyň, Azerbaýjanyň we BAE-niň işewür toparlary daşary ýurt puluna nebit bitumyny we awiakerosini satyn aldylar. TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önümler “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürildi. Şeýle hem Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli reňklerdäki we dürli ölçeglerdäki düz boýalan, žakkard sütükli önümler, nah ýüplügi hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen portland sementi satyldy.

Türkiýeden we Gazagystandan gelen işewürler Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen nah ýüplügini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 2 million 98 müň 500 manada deň boldy.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler umumy bahasy 48 million 710 müň manatdan gowrak bolan nebit bitumyny we haly önümlerini satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 47-si hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022