Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Aşgabatda Özbegistanyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sardor Umurzakow bilen duşuşdy.
Sardor Umurzakow duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Döwlet Baştutanymyza Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygynyň baýram edilýändigini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýewe hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny bellediler. Şeýle-de Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleýin, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, ilkinji nobatda bolsa, parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly ugurlar boýunça garaýyşlarynyň umumydygy nygtaldy.
Söhbetdeşligiň barşynda söwda-ykdysady ulgamyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy, şunuň bilen baglylykda haryt dolanyşygynyň oňyn ösüşini saklamagyň we ýokary derejede guralan saparlaryň, gepleşikleriň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň zerurdygy bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sardor Umurzakow dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda berkidilen döwletara hyzmatdaşlygyň ählumumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.