Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan sapar bilen Türkmenistana geldi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan sapar bilen Türkmenistana geldi
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistana aýaly Emine Ärdogan we Türkiýäniň Söwda ministri Mehmet Muş bilen bilelikde geldi. (Surat: Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň Döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn mejlisine gatnaşmak üçin sişenbe güni Türkmenbaşy şäherine geldi.

Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň Energetika we tebigy baýlyklar ministri Fatih Dönmez, Türkiýäniň Transport we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglu we Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Togan Oral garşy aldylar. Bu barada Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistana aýaly Emine Ärdogan we Türkiýäniň Söwda ministri Mehmet Muş bilen bilelikde geldi.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistana ugramazdan ozal geçiren metbugat ýygnagynda geçiriljek sammitde esasan tebigy gaz meselesine üns beriljekdigini belläp, türkmen gazynyň Hazar deňziniň üsti bilen Türkiýä ugradylmagyna umyt edýändigini aýtdy.

Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn mejlisi 14-nji dekabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Duşuşygyň dowamynda söwda, energetika we ulag ulgamlarynda üç ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022