TDHÇMB-da sişenbe güni $19,5 milliondan gowrak uçar kerosinini satyldy

BIZNES TURKMENISTAN
TDHÇMB-da sişenbe güni $19,5 milliondan gowrak uçar kerosinini satyldy
BAE-niň, Owganystanyň we Maltanyň işewür toparlary jemi 14.6 müň tonnadan gowrak uçar kerosinini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni geçiren söwdalarynda TC-1 görnüşli uçar kerosinini satyn almak boýunça dört geleşik baglaşyldy. Bu geleşikleriň umumy bahasy 19 million 533 müň 050 ABŞ dollaryna deň boldy.

BAE-niň, Owganystanyň we Maltanyň işewür toparlary jemi 14.6 müň tonnadan gowrak uçar kerosinini satyn aldylar. TC-1 görnüşli uçar kerosininiň bir tonnasynyň bahasy 810,5 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Söwdalaryň dowamynda satylan uçar kerosini Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürildi.

TDHÇMB-da geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 22 million 372 müň 430 ABŞ dollaryna deň boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022