Dekabr III hepde: eksport geleşikleri $33,7 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dekabr III hepde: eksport geleşikleri $33,7 milliondan geçdi
Işewür toparlar daşary ýurt puluna girdo usulda arassalanan dizel ýangyjyny we awiakerosini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 33 million 727 müň 363 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Özbegistanyň, Türkiýäniň, Wirjin adalarynyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Maltanyň we BAE-niň işewür toparlary daşary ýurt puluna girdo usulda arassalanan dizel ýangyjyny we awiakerosini satyn aldylar. TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önümler “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürildi. Şeýle hem Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli reňklerdäki we dürli ölçeglerdäki düz boýalan, žakkard sütükli önümler we nah ýüplügi satyldy.

Türkiýeden gelen telekeçiler Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen nah ýüplügini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 7 million 810 müň manada deň boldy.

Içerki bazar üçin ýerli işewürler umumy bahasy 110 million 726 müň manatdan gowrak bolan nebit bitumyny, nebit koksuny we plastik poddony satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022