“Mekanara gatnawy” täze görnüşli howa we ýag süzgüçlerini öndürip başlady

BIZNES TURKMENISTAN
“Mekanara gatnawy” täze görnüşli howa we ýag süzgüçlerini öndürip başlady
Kärhanada ýeňil we ýük awtoulaglaryna, gurluşyk tehnikalaryna niýetlenen ýaglaryň, howa süzgüçleriniň dürli görnüşleri öndürilýär.

Ahal welaýatynyň Änew şäherinde ýerleşýän “Mekanara gatnawy” hususy kärhanasy täze “HX 18185”, “HX 18188” görnüşli howa we “YX 1614 E” ýag süzgüçlerini öndürip başlady. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Megafil” haryt nyşanly bu süzgüçler Türkmenistanyň çäginde hereket edýän awtobuslar üçin niýetlenip, olar ekologiýa taýdan arassalygy, hili we amatly bahasy bilen tapawutlanýarlar.

Kärhana Türkiýäniň we Hytaýyň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilip, onuň aýlyk kuwwatlylygy 25 müňe golaý süzgüç öndürmäge barabardyr.

Mundan başga-da, kärhanada ýeňil we ýük awtoulaglaryna, gurluşyk tehnikalaryna niýetlenen ýaglaryň, howa süzgüçleriniň dürli görnüşleri öndürilýär. Şeýle hem bu ýerde önüm öndürmek üçin ýerli we daşary ýurt çig malyndan peýdalanylýar.

“Mekanara gatnawy” hususy kärhanasy geljekde öndürýän harytlarynyň görnüşlerini artdyrmak, olaryň içerki bazardan artan bölegini bolsa daşary ýurtlara eksport etmegi göz öňünde tutýar.

2022