Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Aşgabatda Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudy bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň başynda Faýsal bin Farhan Al Saudy döredilen mümkinçilik üçin Döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan etdi we Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Saudyň mähirli salamyny ýetirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi we dostlukly ýurduň Patyşasyna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem Döwlet Baştutanymyz myhmany Aşgabatda Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň açylmagy bilen gutlady.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde, hususan-da, BMG-nyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem taraplar iki ýurduň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklap, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň oňyn depginini we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly eksport-import mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýumlar, ulag we aragatnaşyk, himiýa we dokma senagaty, oba hojalygy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Mundan başga-da, söhbetdeşligiň dowamynda ylym we medeniýet ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.
Duşuşygyň ahyrynda Döwlet Baştutanymyz we Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri dostluk, özara hoşniýetli erk bilen berkidilen döwletara gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.
Şeýle hem Faýsal bin Farhan Al Saudy şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy.