Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda dürli ugurlar boýunça resminamalara gol çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda dürli ugurlar boýunça resminamalara gol çekildi
Mejlisiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda penşenbe güni Tokioda geçirilen türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetiniň 14-nji mejlisiniň jemleri boýunça Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen Ýaponiýanyň kompaniýalarynyň arasynda himiýa-gaz senagaty, ulag we suw hojalygy ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk boýunça resminamalar toplumyna we Teswirnama gol çekildi.

Mejlisiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Şeýle-de taraplar soňky ýyllaryň dowamynda ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda gazhimiýa we elektrik energiýa pudaklarynda birnäçe iri desgalaryň taslamalaryny durmuşa geçirendiklerini nygtadylar.

Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar ulag, elektrik energiýa, senagat, maliýe, suw dolandyrylyşy we ekologiýa ýaly ugurlarda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini aýratyn bellediler.

Mundan başga-da mejlisiň dowamynda bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky özara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine üns berildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Ýaponiýanyň Daşary söwdany ösdürmek boýunça guramasynyň (JETRO) Baş direktory Nobuhiko Sasaki, Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň ýolbaşçysy (JBIC) Nobumitsu Haýaşi, Ýaponiýanyň eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) Ýerine ýetiriji direktory Atsuo Kuroda we “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň Prezidenti Tatsuýa Watanabe bilen duşuşyk geçirdi.

2022