Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe 61-ýaş doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.
“Häzirki wagtda siziň ýolbaşçylygyňyzda Azerbaýjan Respublikasy çalt depginli ösüş ýolundan ynamly hereket edýär, jemgyýetiň ähli ugurlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanýar we dünýädäki abraýyny yzygiderli güýçlendirýär. Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha bermek bilen döwletara gatnaşyklarymyzy ösdürmäge Siziň aýratyn üns berýändigiňizi hem-de ägirt uly goşant goşýandygyňyzy aýratyn bellemek isleýärin” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda belledi.
“Ýakynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe Döwlet Baştutanlarynyň ilkinji üçtaraplaýyn sammitiniň çäginde geçirilen duşuşygy ýakymly täsirler bilen ýatlaýaryn. Şol döwürde taraplaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge we pugtalandyrmaga ygrarlydyklary tassyklandy. Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň iň gowy dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerinde halklarymyzyň peýdasyna üstünlikli ösjekdigine ynanýaryn” diýlip, Döwlet Baştutanymyzyň hatynda aýdylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow kärdeşi Ilham Aliýewe jan saglyk, bagt, maşgala abadançylygyny, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläkde parahatçylyk we ösüş arzuw etdi.