Balkanda geljek alty ýylda 20 desga gurlar we durky täzelener

BIZNES TÜRKMENISTAN
Balkanda geljek alty ýylda 20 desga gurlar we durky täzelener
Balkan welaýatynda alty ýylyň dowamynda 4 sany hassahana, 3 sany saglyk öýi we merkezi, 1 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 6 sany umumybilim edarasy, 1 sany medeniýet öýi gurlup ulanmaga berler.

Balkan welaýatynda 2022-2028-nji ýyllarda 20 sany binanyň we desganyň gurulmagy hem-de hereket edýänleriniň durkunyň täzelenmegi göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Degişli desgalaryň gurluşygy şu ýylyň iýul aýynda kabul edilen “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde alnyp barlar.

Şeýlelikde, Balkan welaýatynda alty ýylyň dowamynda 4 sany hassahana, 3 sany saglyk öýi we merkezi, 1 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 6 sany umumybilim edarasy, 1 sany medeniýet öýi gurlup ulanmaga berler. Şeýle-de welaýatda hereket edýän 3 sany hassahananyň, 1 sany saglyk öýüniň, 1 sany umumybilim edarasynyň durky täzelener.

Balkan welaýatynda meýilleşdirilýän döwürde 743,37 km suw geçirijileri, 2 sany suw arassalaýjy desgasy, 25 sany dik guýysy, 112 km lagym geçirijileri, 1 sany lagym arassalaýjy desgasy, 244,09 km awtomobil ýollary, 212 km gaz geçirijileri, 347,5 km elektrik geçirijileri gurlar.

Şeýle hem, aragatnaşyk ulgamy boýunça 89,5 km telefon ulgamy çekilip, 4416 sany telefon belgisi işe giriziler. Şu döwürde ýaşaýyş jaýlarynyň 710,48 müň inedördül metri gurlar.

2022