Türkiýe tebigy gazy Ýewropa ibermek boýunça energiýa merkezini döretmek taslamasyny bir ýylyň dowamynda durmuşa geçirmegi maksat edinýär. Bu barada Türkiýäniň Energetika we tebigy baýlyklar ministri Fatih Dönmeziň ýurduň Zonguldak welaýatynda ýerleşýän Filýos tebigy gazy gaýtadan işleýän zawodynda habarçylar bilen geçiren duşuşygynda aýdanlaryna salgylanyp, “Turkish Daily Sabah” gazeti çarşenbe güni habar berdi.
Türkiýäniň Energetika ministri energiýa merkezinde diňe bir rus gazynyň satylmajakdygyny aýdyp, onuň çeşmeleriniň dürli ýurtlardan getiriljekdigini belledi.
Fatih Dönmez bu taslamanyň üç-bäş aýyň dowamynda durmuşa geçirip bolmajakdygyny belläp, energiýa merkezini bir ýylyň dowamynda durmuşa geçirmek Türkiýäniň maksady bolup durýandygyny mälim etdi. Şeýle hem ol bu merkeziň başda çäkli hereket edip, soňra giňeldiljekdigini nygtady.
Türkiýäniň Energetika ministriniň aýtmagyna görä, Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň energiýa ministrleriniň üç ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň dekabr aýynda geçirilen sammitiň dowamynda kabul eden kararlaryny göz öňünde tutup, ýakyn wagtda tebigy gazy Ýewropa ibermek boýunça taslamany ara alyp maslahatlaşarlar.
Mundan başga-da, Fatih Dönmez iş toparynyň gysga wagtyň dowamynda mümkin bolan ähli ýollary ara alyp maslahatlaşjakdygyny, soňra bolsa üç ýurduň degişli ministrleri bilen iş toparynyň netijelerine baha beriljekdigini aýtdy. Türkiýäniň Energetika ministri şondan soňra ähli hökmany maglumatlaryň üç ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň garamagyna hödürlenjekdigini mälim etdi.
Türkiýäniň Prezidenti geçen hepde ýurduň energetika ministrine bir aýyň dowamynda türkmen tebigy gazyny Ýewropa eksport etmek boýunça netije gazanmagy tabşyrandygyny aýtdy. Şeýle hem türk Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanwar aýynda Türkiýä etjek saparynyň dowamynda bu mesele boýunça oňyn çözgütleriň gazanyljakdygyna umyt edýändigini belledi.