Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti, Sankt-Peterburg, 2022-nji ýylyň 26-njy dekabry

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin resmi däl sammiti açyp, oňa gatnaşyjylary ýene bir gezek mähirli gutlady. Russiýanyň Baştutany GDA döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň bir bitewi medeni-ynsanperwer giňişligi saklap galmak, raýatlaryň arasynda dürli görnüşli alyşmalary giňeltmek ýaly möhüm ulgamy hem öz içine alýandygyny belledi.

Habarda bellenilişi ýaly, resmi däl ýagdaýda geçirilýän duşuşyk GDA döwletleriniň ýolbaşçylaryna halkara derejedäki umumy gyzyklanma bildirilýän birnäçe meseleleri, özara gatnaşyklaryň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döretdi.

Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň dowamynda 2022-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we geljek döwür üçin öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi.

GDA-nyň geografik çäklerinden uzaklarda hem gurama agza ýurtlaryň ykdysady bähbitlerini ilerletmegiň, serhetdeş döwletleriň, goňşy sebitleriň bilelikdäki taslamalara goşulyşmagynyň möhümdigini belläp, türkmen tarapy şunda, ilkinji nobatda, üstaşyr ulag düzümleriniň döredilmelidigine, energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlarynyň giňeldilmelidigine, täze aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamlarynyň çekilmelidigine birnäçe gezek ünsi çekdi.

Ýokary derejedäki resmi däl duşuşyga gatnaşyjylar öňde durýan maksatlaryň we wezipeleriň umumydygyny belläp, goňşy ýurtlar bilen bilelikdäki işde toplanan oňyn tejribäni hasaba almak arkaly däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardyklaryny ýene bir gezek tassykladylar.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar GDA gatnaşyjy döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek, köptaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň täsirli gurallaryny döretmek arkaly syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Şeýle hem Döwlet Baştutanlary ýakyn we uzak geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda şu gezekki resmi däl duşuşygyň ählumumy bähbitlere laýyk gelýän täze taslamalary durmuşa geçirmekde mundan beýläk-de tagallalary birleşdirmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň mundan ozalky resmi däl sammiti oktýabr aýynda geçirildi.

2022