"Agaýana" DSP-leriň 1320 kub metrini eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
"Agaýana" DSP-leriň 1320 kub metrini eksport etdi
Bu kärhana DSP önümleriniň eksportyny Gazagystana, Azerbaýjana, Täjigistana we Özbegistana ýola goýdy.

“Agaýana” hususy kärhanasy şu ýylyň başyndan bäri agaç gyryndylaryndan ýasalan örtükleriň (DSP) 1320 kub metrni goňşy döwletlere eksport etdi. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu kärhanda DSP önümleriniň eksporty Gazagystana, Azerbaýjana, Täjigistana we Özbegistana ýola goýuldy.

Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän bu kärhana Hytaýyň we Türkiýäniň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, onda ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply we ekologiýa taýdan arassa DSP we laminirlenen DSP öndürilýär. DSP-leriň ini 1,83 metr, uzynlygy 2,75 metr bolup, galyňlygy 8 millimetrden 24 millimetre çenlidir.

Şeýle hem “Agaýana” hususy kärhanasy DSP-leriň önümçiliginde ýerli çig mal bolan gowaça çöpünden peýdalanýar. Kärhanada 2022-nji ýylyň degişli görkezijileri boýunça 16 müň kub metrden gowrak önüm öndürildi.

“Agaýana” hususy kärhanasy 2018-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri DSP-leriň önümçiligini alyp barýar. Häzirki wagtda kärhanada 100-den gowrak hünärmen zähmet çekýär.

2022