Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň penşenbe güni Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda türkmen-özbek döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Özbegistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýändigini aýtdy we şol gatnaşyklar taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, barha çuň many-mazmuna eýe bolýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy we özbek Lideri iki ýurduň hem parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýändigini we Merkezi Aziýada parahatçylygy, ylalaşyklylygy saklamakda aýratyn orun eýeleýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Şeýle hem telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi. “Soňky ýyllarda biz haryt dolanyşygyny ep-esli artdyrdyk we elbetde, gazanylanlar bilen çäklenmeýäris” diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Mundan başga-da, söhbetdeşler ýangyç-energetika, himiýa, oba hojalygy, senagat, ulag we logistika ulgamlarynda taslamalary bilelikde durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýetip gelýän Täze ýyl bilen birek-biregi gutladylar, 2023-nji ýylyň iki ýurt hem-de olaryň doganlyk halklary üçin üstünlikli, bereketli ýyl bolmagyny arzuw etdiler.