“Datly şerbet” kärhanasy täze önümçilik tapgyryny işe girizdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Datly şerbet” kärhanasy täze önümçilik tapgyryny işe girizdi
Häzirki wagtda bu täze önümçilik tapgyrynda ýokary hilli süýji önümleriniň 19 görnüşi öndürilýär.

“Täze aý” hojalyk jemgyýetiniň konditer önümlerini öndürýän “Datly şerbet” hususy kärhanasy täze ýyl baýramynyň öň ýanynda ýene bir kuwwatly täze önümçilik tapgyryny işe girizdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Datly şerbet” hususy kärhanasynyň täze işe goýberilen önümçilik tapgyryna Germaniýanyň, Türkiýäniň, we Russiýanyň dünýä belli kompaniýalarynyň ýokary hilli enjamlary ornaşdyryldy.

Şeýle hem tutuş awtomatik usulda dolandyrylýan bu enjamlaryň kuwwatlylygy bir gije-gündizde 20 tonna golaý huruşly şokolad örtükli süýjüleri, dürli miwe tagamly marmeladlary öndürmäge mümükinçiligi bar.

Mundan başga-da, häzirki wagtda bu täze önümçilik tapgyrynda ýokary hilli süýji önümleriniň 19 görnüşi öndürilýär. Bu süýjüler “Altyn pamyk”, “Zemin”, “Sarwan”, “Uçgun”, “Goňur”, “Aryjyk”, “Şowhun” ýaly birnäçe atlar bilen atlandyrylýar.

“Datly şerbet” kärhanasynyň bu önümleri Özbegistana, Täjigistana we Owganystana eksport edilýär. Telekeçiler öz önümlerini geljekde daşary ýurt bazarlarynyň ýene birnäçesine ibermekligi meýilleşdirýärler.

2022