Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
Döwlet Baştutanymyz çagalar bilen ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda ýadygärlik surata düşdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky ýurduň Baş arçasynda guralan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Paýtagtymyzdaky Täze ýyl dabaralaryna gatnaşmak üçin okuwda tapawutlanan okuwçylar, ders olimpiadalarynyň, sport ýaryşlarynyň we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri, çagalar öýlerinde terbiýelenýän körpeler çagyryldy.

Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary Aýazbaba we Garpamyk hem-de tamamlanyp barýan ýylyň nyşany bolan barsyň we ýetip gelýän ýylyň nyşany bolan towşanyň keşbine giren çagalar türkmenistanlylaryň, ýaş nesilleriň adyndan Döwlet Baştutanymyzy Täze ýyl bilen gutladylar.

Bu ýerde guralan dabara gatnaşan çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Döwlet Baştutanymyz çagalar bilen ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda ýadygärlik surata düşdi.

Soňra Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl mynasybetli guralan baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy. Bu dabara Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi we daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary öz çagalary hem-de agtyklary bilen gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda teatr we sirk artistleriniň, tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň, ýaş zehinli çagalaryň taýýarlan çykyşlaryna tomaşa edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalaryny we olaryň üsti bilen ähli türkmenistanlylary ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady, hemmelere berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

2022