Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Russiýanyň, Hytaýyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Germaniýanyň, Polşanyň Döwlet Baştutanlaryndan, Ýaponiýanyň Premýer-ministrinden we Norwegiýanyň Patyşasyndan Täze ýyl mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Daşary ýurt Liderleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Täze ýyl baýramy bilen gutladylar we Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw etdiler.
“Geçip barýan ýyl biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar üçin örän üstünlikli boldy. Siziň resmi saparyňyzyň barşynda gol çekilen strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama Russiýa bilen Türkmenistanyň esasy ugurlardaky gatnaşyklaryny hil taýdan ösdürmek üçin şertleri döretdi” diýip, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň gutlag hatynda bellenilýär.
Rus Lideri gutlag hatynda GDA-nyň, BMG-niň çäklerinde, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Russiýa” we Hazar “bäşligi” formatynda bilelikdäki netijeli işleriň alnyp baryljakdygyna ynam bildirdi.
“2023-nji ýylda bilelikdäki tagallalarymyz bilen Ermenistanyň we Türkmenistanyň arasynda taryhyň dowamynda emele gelen ýakyn gatnaşyklaryň dostlukly halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine hil taýdan täze derejä çykaryljakdygyna ynanýaryn” diýip, Ermenistanyň Prezidenti öz gutlag hatynda belledi.
Şeýle hem Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ýetip gelýän Täze ýyl baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.