TDHÇMB-da çarşenbe güni suwuklandyrylan gaz we ýüplük satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da çarşenbe güni suwuklandyrylan gaz we ýüplük satyldy
Owganystanly işewürler suwuklandyrylan gazyň 5 müň tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni geçiren söwdalarynda suwuklandyrylan gaz we ýüplük satmak boýunça 6 geleşik baglaşyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 3 million 768 müň 100 ABŞ dollaryna we 11 million 939 müň 749,5 manada deň boldy.

Owganystanly işewürler suwuklandyrylan gazyň 5 müň tonnasyny satyn aldylar. TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 485 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem Azerbaýjanly telekeçi daşary ýurt puluna bir kilogramynyň bahasy 2,65 ABŞ dollaryna deň bolan ýüplügiň 506 müň 830,19 kilogramyny satyn aldy.

Mundan başga-da, manat serişdesine BAE-den gelen işewür ýüpligiň 272 müň 908,56 kilogramyny satyn aldy. Söwdalarda satylan bu önümiň bir kilogramynyň bahasy 43,75 manada deň boldy.

TDHÇMB-da geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 19 million 904 müň 662 ABŞ dollaryna deň boldy.

2022