Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modä ejesi Hiraben Modiniň aradan çykandygy zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Hindistanyň Premýer-ministrine we onuň maşgala agzalaryna ýürekden duýgudaşlygyny bildirdi hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi.
Hindistanyň Premýer-ministriniň ejesi geçen hepde barlag üçin hassahana ýerleşdirilipdi. Hiraben Modi hassahanada geçen hepdäniň anna güni 99 ýaşynda aradan çykdy.
Hindistanyň Döwlet Baştutany şu agyr pursatda ýurduň Premýer-ministri Narendra Modä we onuň maşgala agzalaryna çuňňur duýgudaşlyk bildirdi.