Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Hytaýa bardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Hytaýa bardy
“Şoudu” Halkara howa menzilinde Döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary we Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen penşenbe güni Hytaý Halk Respublikasyna bardy.

Türkmenistanyň Prezidentini Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary, şeýle hem HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen ugratdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Şoudu” Halkara howa menzilinde Döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Hytaýyň paýtagtynda 6-njy ýanwarda Döwlet Baştutanymyzyň Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşygy meýilleşdirilýär.

Ýokary derejede geçiriljek türkmen-hytaý gepleşikleriniň çäklerinde söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, himiýa senagaty, ulag, aragatnaşyk, oba hojalygy ýaly möhüm ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy göz öňünde tutulýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022