“Maksada okgunly” Türkmenistanda ilkinji bolup hind towugyndan gaplanan önümleri öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Maksada okgunly” Türkmenistanda ilkinji bolup hind towugyndan gaplanan önümleri öndürýär
Gaplanan önümler uzak wagt saklanmaga niýetlenilip, zerur bolan aýna gaplar “Türkmenaýnaönümleri” kärhanasynda taýýarlanylýar.

“Maksada okgunly” hususy kärhanasy Türkmenistanda ilkinji bolup hind towugynyň etinden gaplanan önümleri öndürip başlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýylda 500 tonna çenli gaplanan önümleri öndürmäge ukyply bolan täze önümçilik desgasy işe girizildi. Häzirki wagtda kompaniýada hind towugynyň etinden üç görnüşli önüm taýýarlanylýar. Olar guş etiniň dürli böleklerinden – butlaryndan, döşlerinden, süňklerinden we tagamy güýçlendirijisiz hem-de beýleki emeli goşundylarsyz taýýarlanylýar.

Gaplanan önümler uzak wagt saklanmaga niýetlenilip, zerur bolan aýna gaplar “Türkmenaýnaönümleri” kärhanasynda taýýarlanylýar.

Hususy kärhananyň ýolbaşçysy Maksat Ibragimow kärhananyň önümçilik gerimini giňeldip,  uzak wagtlap saklanmaga niýetlenen önümleriň täze görnüşlerini, berhizlik we çagalar üçin niýetlenen gipoallergen iýmitleri, hind towugynyň etinden gaplanan şöhlat hem-de beýleki ýokumly önümleri öndürmegi göz öňünde tutýandyklaryny aýtdy.

“Maksada okgunly” hususy kärhanasy ýurdumyzda ilkinji bolup hind towugynyň ýumurtgasynyň importyny ýola goýan we häzirki wagtda hind towugyny ösdürip ýetişdirip, guş etini senagat taýdan gaýtadan işlemegi ýola goýan ilkinji kärhanadyr. Guş toplumynda Ýewropanyň öňdebaryjy tehnologiýasy ornaşdyrylmagy kärhana ýylda 11 müň tonna hindi towugyny ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022