Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan bilen duşuşdy
Duşuşygyň barşynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we mümkinçiliklerini nazara almak bilen, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljegi boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýa döwlet saparynyň çäginde anna güni Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň barşynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we mümkinçiliklerini nazara almak bilen, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljegi boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýa ilkinji döwlet saparyna iki ýurduň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetlilik ýörelgeleri esasynda ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna täze itergi berjek möhüm waka hökmünde garaýandygyny nygtady.

Li Kesýan Türkmenistanyň Döwlet Baştutanynyň Hytaýa bu saparynyň iki halkyň dostlugyny pugtalandyrmakda ädilen möhüm ädim boljakdygyny aýtdy.

Duşuşykda hytaý kompaniýalarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi. Mundan başga-da, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ulgamy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry hökmünde bellenildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň işine aýratyn orun degişlidigini belläp, komitetiň nobatdaky mejlisini taýýarlamagy we geçirmegi teklip etdiler.

Şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň BMG-niň, beýleki abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlyk, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky hyzmatdaşlyk bilen üstüniň ýetirilýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan döwletara gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

2022