Si Sizinpin Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygyny kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Si Sizinpin Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygyny kabul etdi
Çakylyk Türkmenistanyň Prezidenti bilen Hytaýyň Başlygynyň arasynda Pekindäki Halk ýygnaklar öýünde anna güni geçirilen duşuşygyň dowamynda beýan edildi.

Hytaýyň Başlygy Si Sizinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmek boýunça çakylygyny kabul etdi.

Çakylyk Türkmenistanyň Prezidenti bilen Hytaýyň Başlygynyň arasynda Pekindäki Halk ýygnaklar öýünde anna güni geçirilen duşuşygyň dowamynda beýan edildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Duşuşygyň dowamynda Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa özi üçin islendik amatly wagtda Hytaýa gelip görmek baradaky çakylygy ýetirmegi haýyş etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa iki günlük döwlet sapary 5-6-njy ýanwar aralygynda dowam etdi. Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen geçirilen duşuşykdan soň, Döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan we Hytaýyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžanşu bilen duşuşdy.

2022