Türkmenistanda 1008 sany dürli maksatly desgalar guruldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 1008 sany dürli maksatly desgalar guruldy
Ýurdumyzda 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä 74 sany hassahana, 76 sany medeniýet öýi, 264 sany mekdebe çenli çagalar edarasy gurlup ulanylmana berildi.

Türkmenistanda Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä jemi 1008 sany dürli maksatly desgalar guruldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda soňky 15 ýylyň dowamynda 74 sany hassahana, 148 saglyk öýi, 264 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 258 sany umumy bilim berýän orta mekdep, 76 sany medeniýet öýi, 115 sany sport mekdebi we 73 sany sport desgasy gurlup ulanylmana berildi.

Bu maksatnama Türkmenistanyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş ulgamlarynyň we inženerçilik infrastrukturasynyň 15 ugruny özünde jemleýär.

Şu döwürde Türkmenistanyň Ahal welaýatynda jemi 213 sany desga, Balkan welaýatynda 145 sany desga, Daşoguz welaýatynda 193 sany desga, Mary welaýatynda 233 sany desga, Lebap welaýatynda bolsa 224 sany durmuş-medeni maksatly desgalar guruldy.

Aşgabadyň günbatar künjeginde ýerleşýän Gurtly ýaşaýyş toplumynda geçen ýylyň ahyrynda 3064 maşgala üçin niýetlenen dört gatly 62 sany ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alýan täze jemgyýetçilik binalary açyldy.

Türkmenistanda “Oba milli maksatnamasy” diýip atlandyrylýan “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasy” 2007-nji ýylda kabul edildi we häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

2022