“Türkmen şöhle” çagalar üçin tigirleriň önümçiligini ýola goýmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmen şöhle” çagalar üçin tigirleriň önümçiligini ýola goýmakçy
Öndürilip başlanjak tigirler 3-5 ýaşly çagalar üçin niýetlenilip, “Şöhle plastik” haryt nyşany bilen ilata hödürleniler.

Plastik önümleriň önümçiligi bilen meşgullanýan “Türkmen şöhle” hojalyk jemgyýeti ýakyn wagtda çagalar üçin tigirleriň we polipropilenden ýasalan oturgyçlaryň önümçiligini ýola goýmagy maksat edinýär. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.

Öndürilip başlanjak tigirler 3-5 ýaşly çagalar üçin niýetlenilip, “Şöhle plastik” haryt nyşany bilen ilata hödürleniler.

2,5 gektar meýdany eýeleýän “Türkmen şöhle” hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda esaslandyrylyp, onuň önümçilik kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýär. Kärhanada öndürilýän hojalyk harytlarynyň 100-e golaý görnüşi bolup, olaryň arasynda bedre, legen, kürüşge, bulgur, guýguç, güldan, oturgyç, egin-eşik salmak üçin niýetlenen plastik tekje gap bar.

Habarda bellenilişi ýaly, kompaniýanyň önümleri Russiýa, Gazagystan we Belarus Respublikalaryna eksport edilýär.

“Türkmen şöhle” kompaniýasy geçen ýylyň aprel aýynda dokama oturgyçlaryň we uly göwrümli plastik gaplaryň önümçiligini ýola goýdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022