Eýran we Russiýa Raşt-Astara demir ýol taslamasynyň tamamlanmagyny maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýran we Russiýa Raşt-Astara demir ýol taslamasynyň tamamlanmagyny maslahatlaşdylar
Eýranyň Ulag we şähergurluşyk ministriniň orunbasary Russiýanyň hökümetiniň Raşt-Astara demir ýol taslamasynyň tamamlanmagyna maliýe kömegi bermek isleýändigini aýtdy.

Tähran we Moskwa Eýrandaky Raşt-Astara demir ýol taslamasynyň tamamlanmagy boýunça gepleşik geçirdiler. Bu barada Eýranyň Ulag we şähergurluşyk ministriniň orunbasary Şahriar Afandizadehiň aýdanlaryna salgylanyp, IRNA agentligi duşenbe güni habar berdi.

Şahriar Afandizadehiň aýtmagyna görä, Eýran Raşt-Astara demirýol taslamasyna Russiýanyň nähili ýagdaýda gatnaşjakdygyny we maýa goýjakdygyny kesgitlemek üçin teklip edilýän 16 maddalyk Memorandumy hödürledi.

Eýranyň Ulag we şähergurluşyk ministriniň orunbasary Russiýanyň hökümetiniň Raşt-Astara demir ýol taslamasynyň tamamlanmagyna maliýe kömegi bermek isleýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn Memorandum teklip edildi we üç ýurduň ministrleriniň gol çeken bilelikdäki Beýannamasyndan soň Eýranyň, Russiýanyň we Azerbaýjanyň arasynda üçtaraplaýyn Memorandum baglaşyldy.

Şahriar Afandizadeh Eýran bilen Russiýanyň arasynda geçirilen 13-nji bilelikdäki duşuşykda 2023-nji ýyla çenli 10 million tonna haryt daşamak boýunça meseläniň düşünişilendigini aýtdy.

2022